Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

4 Sentýabr 2024
109

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmegi ýollarymyzyň asuda, hadysasyz bolmagyny gazanmaklyga döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň, raýatlaryň rahat durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginiň subutnamasydyr. Bu ählihalk çäre sürüjileriňem, pyýadalaryň hem ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligi durmuş kadasyna öwürmeklerini, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, umuman, gatnawly ýollarymyzyň sazlaşykly bolmagyny gazanmakda örän ähmiýetli bolup durýar.

Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň oňat netije berýändigini bellemek gerek. Olarda pyýadalaryň we sürüjileriň jogapkärçiligi, ünslüligi elden bermezligi, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini we kadalaryny doly berjaý etmelidigi, bularyň bolsa howpsuz hereketi, rahat ýaşaýşy şertlendirýändigi düşündirilýär. Awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmalydygy, bellenen tertip-düzgüni pugta berjaý etmelidigi aýratyn nygtalyp geçilýär.

Güljäjek GURBANMEŇLIÝEWA,
welaýat Polisiýa müdirliginiň sekretariatynyň raýatlaryň arza-şikaýatlary bilen işlemek boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.