Ýollaryň bezegi — sazlaşykly hereket

4 Sentýabr 2024
31

Günsaýyn ösýän we özgerýän eziz Diýarymyzda täze awtoulag ýollaryny gurmak, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler durmuşa geçirilýär. Aýna ýaly tekiz ýollaryň ugrunda döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagy, häzirki zaman ýol belgileriniň, maglumat görkeziji elektron tagtalaryň, awtoulaglaryň tizligini ölçeýji enjamlaryň goýulmagy hereketiň howpsuz bolmagyny gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýär.

Sürüjiler ulaglara erk edenlerinde seresaply bolsalar, pyýada ýolagçylar hem ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etseler, hereketiň sazlaşykly boljakdygy hemmämize mälim. Sürüjileriň ulagy dolandyrýan wagtlarynda awtoulaglary bellenilenden ýokary tizlik bilen sürmekleri ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirýän esasy sebäpleriň biridir. Şonuň üçin sürüji ulagy kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän tizlik bilen sürmelidir.

Mekanmämmet HAJYMÄMMEDOW,
Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň Gumdag şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň derňew toparynyň uly sülçüsi.