Dumly-duşdan dürli dümen

4 Sentýabr 2024
90

Garpyzlar muzeýi

Hytaýdaky garpyzlar muzeýiniň eksponatlary bu ýere gelýänlerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Muzeý tutuşlygyna garpyz temasyna bagyşlanandyr. Bu ýerde garpyzyň taryhy, onuň sortlary, ekilişi, ideg edilişi we milli ekerançylyk däpleri barada baý maglumatlar jemlenendir. Mundan başga-da, bu tema boýunça şekillendiriş sungatynyň çeper eserleri hem bar. Muzeýde sergi meýdançasy bolup, onda garpyzlaryň dürli sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Myhmanlara ter garpyzlardan dadyp görmek mümkinçiligi döredilendir. Muzeýiň dizaýny hem garpyza meňzäp dur. Jaýyň içinde ýokarda garpyzyň kesilen, böleklenen görnüşleri şekillendirilendir. Muzeý ylmy merkez hökmünde hem tanalyp, onda okuw sapaklary, ylmy seminarlar geçirilýär.