Saglyk — geljegiň sakasy

3 Sentýabr 2024
43

Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde adam hakdaky aladanyň bir ugry bolan milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda köp ugurly işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» aýratyn orun eýeleýär. Bu aýdyň maksatnamanyň ugry bilen, paýtagt şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar, bar bolanlarynyň mümkinçilikleri kämilleşdirilip, döwrebaplaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, lukmançylyk hyzmatlarynyň ençeme görnüşi halk üçin elýeterli bolup durýar. Bu ugurdaky hyzmatlaryň derejesi ösen halkara ülňüleriniň öň hatarlaryna deňleşýär. Ýurdumyzyň şypahanalar ulgamyna degişli maddy-tehniki binýadyň, olarda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede kämilleşdirilýändigini hem bellemek örän guwandyryjydyr. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arçman» şypahanasyna baryp görmegi hem-de şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary bilen tanyşmagy, ynsan saglygyny goramaga gönükdirilen işleriň yzygiderli, ýokary depgin bilen dowam etdirilýändigini ýene bir gezek subut etdi.

Şähribossan HANGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keselleri kafedrasynyň kliniki ordinatory.