Netijeli häsiýete eýe

3 Sentýabr 2024
47

Kaka etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi etrabyň jemgyýetçilik guramalary we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde ýörite meýilnamalar esasynda sürüjileriň we pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýar. Onuň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmeginiň ähmiýeti barada ildeşlerimize gürrüň berlip, bu giň göwrümli çäräniň esasy maksadynyň halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmekden, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakdan ybaratdygy barada aýdylýar.

Biraýlygyň dowamynda etrapdaky bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň arasynda hem birnäçe wagyz-nesihat çäreleri, bäsleşikler geçirilýär. Olaryň barşynda ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada gürrüň berilýär. Şeýle çäreleriň ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk üpjün etmekde, onuň kadalaryna eýermekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bardyr.

Tirkeş ATAÝEW,
Kaka etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.