Körpelere düzgünler düşündirildi

3 Sentýabr 2024
52

Düýn Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Körpeleriň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäräni Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilelikde gurady.

Ak bugdaý etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Maksatgeldi Kakabaýewiň gyzykly çykyşyny körpeler uly gyzyklanma bilen diňlediler. Köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary hakda aýdylanlar körpelerde uly gyzyklanma döretdi. Çäre ýörite şertli belgiler bilen bezelen meýdançada dowam edip, onda körpelere ýoldan geçmegiň düzgünleri düşündirildi. Bu bolsa, çäräniň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.