Gündogar sebitiň genji-hazynasy

29 Awgust 2024
101

Köýtendagda dürli görnüşli minerallaryň, magdanlaryň we beýleki dag jynslarynyň ummasyz uly gorlarynyň bardygyny alymlar geçen asyryň ortalarynda anykladylar. Olary özleşdirmek üçin şol döwürde «Gündogar Türkmenistan sebit önümçilik toplumy» diýilýän toplum döredilen-de bolsa, netijeli işler edilmedi. Bu sebitiň baýlyklaryny özleşdirmäge diňe ýurdumyz garaşsyzlygyna eýe bolandan soň çynlakaý girişildi. Magdanly şäherinde «Gurluşyk materiallary» kärhanasy döredilip, ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin zerur bolan önümleriň birnäçesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu ýerdäki Künjek obasynyň golaýynda «Künjek» çagyl kän müdirligi döredildi. Onuň önümleri diňe Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de uly islegden peýdalanýar.

Köýtendagyň etegindäki gaty gatlaklar öwrenilende, sement önümçiligi üçin zerur bolan hekiň we gipsiň uly gorlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. Netijede, bu sebitde ýene-de bir senagat desgasynyň, ýagny sement zawodynyň gurluşygyna girişilip, ol 2013-nji ýylda ulanmaga tabşyryldy...

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».