Parahatçylyk. Abadançylyk. Durnukly ösüş

26 Awgust 2024
64

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirýär

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet bermek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesi hem bolup, bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Muny «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýdyň tassyklaýar.

«Nesil».