Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna

21 Awgust 2024
177

Halkymyzyň çüwen ykbaly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda we halkara derejede ençeme üstünliklere beslenmek bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda halkymyz öz naýbaşy baýramyny, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň otuz üç ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçýär. Ata-babalarymyzyň gözüniň göreji deýin ezizlän mukaddes topragynda 33 ýyl mundan öň berkararlyk ýaňy bolup dogan «Garaşsyzlyk» atly bagtynyň Hydyr gezen çöllerde, Kowus gezen daglarda ykbalyny, rysgyny, ömrüni, onuň manysyny ata Watanyna baglan şol gadymy kowumyň nesillerine eçilýän nury has ýalkymlydyr.

Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň bölüm müdiri.