Özgerişler mekany

21 Awgust 2024
101

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul eden «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» boýunça welaýatymyzyň çäginde hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Maksatnama, ilki bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy. Maksatnamanyň esasy maksatlary boýunça eýýäm birtopar işler ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion-senagatlaşma derejesini has-da pugtalandyrmak hem şolaryň biridir.

Keramat ÇARYÝEWA,
Dänew etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň durmuş-ykdysadyýet we maýa goýumlar bölümçesiniň esasy hünärmeni.