Dünýäni özgerdýän ýollar

21 Awgust 2024
107

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň halkymyzyň ruhuny belende göterýän täze tapgyrlaryna geçilýär. Diýarymyzy gülledýän, ykballary özgerdýän, halkymyzyň ýaşaýşyna barha täze eşretleri getirýän, mähriban Watanymyzyň mertebesini günsaýyn beýgeldýän we gözelleşdirýän taryhy işleriň sanawy artýar.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem şolaryň biridir. Bu ýoluň esasy bölegi Türkmenabatda tamamlanýar we ol goňşy ýurtlara uzaýan ýollara birleşýär. Ýoluň Mary — Türkmenabat bölegi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1 aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, örän möhümdir. Bu ýol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek boýunça möhüm wezipäni amala aşyrýar. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändigi bilen hem guwandyryjydyr.

Ýazgeldi TOGALAKOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.