Garaşsyzlyk bagty

21 Awgust 2024
133

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýy barha golaýlaýar. Bu toýa halkymyzyň aýratyn ähmiýet bermegi ýönelige däl. Çünki Garaşsyzlyk külli türkmen halkynyň baş baýramydyr, naýbaşy toýudyr. Bu sene bagtyýar ulus-ilimizde has giňden bellenýär, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaňa beslenýän dabaralar geçirilýär.

Garaşsyzlygyň geçen ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyny çäksiz buýsanç bilen aýdyp bilýäris. Gysga taryhy döwürde Diýarymyzyň giňişliklerinde täze, döwrebap obalar, şäherdir şäherçeler peýda boldy, ilatly nokatlarda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly desgalar guruldy. Bu zatlar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna täsirini ýetirdi.

Gunça ARAZMEDOWA,
Gökdepe etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.