Milli demokratiýanyň berk binýady

20 Awgust 2024
253

Halkymyzyň hem-de her bir adamyň bähbidini ileri tutýan demokratik we dünýewi hukuk ýörelgeler Esasy Kanunymyzda berkidilendir. Milli kanunçylygyň binýatlaýyn resminamasy bolan Konstitusiýamyzda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy bellenilýär. Ata-babalarymyzyň jemgyýeti we döwleti dolandyrmak boýunça köpasyrlyk tejribesine kybap gelýän bu ýörelge Garaşsyz Watanymyzyň häzirki syýasy ulgamynda-da öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji iýulda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle hem onuň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryndan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna teklip edilýän wekilleri saýlamagyň tertibi tassyklanyldy. Häzirki günlerde bu foruma ýokary derejede taýýarlyk işleri dowam edýär. Syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

Serdar PAŞIKOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.