Eziz Watan ýürekleriň buýsanjydyr

18 Awgust 2024
211

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşlere beslenýän her bir güni eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermäge gönükdirilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýän wakalara beslenýär. Şu günler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge uly taýýarlykly barylýar. Berkarar döwletimizde gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, dünýä ýaýyp ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ilatyň giňden gatnaşmagynda maslahat etmek milli demokratiýamyzyň adalatly ýoludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhynda halk bilen döwletiň jebisligini gazanmakda ata-babalarymyzyň asylly durmuş ýörelgeleri yzygiderli ösdürilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda döwletliligi özüne hemra edinen halkymyzyň her bir işe başlanda «Ýedi ölçäp, bir kes», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» ýaly durmuş tejribesi ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine wepalydyklaryny subut edýär.

Watanymyzyň şan-şöhratly taryhy bar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň abadançylygyny, döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň bolelin ýaşaýşyny, bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler ýerine ýetirildi. Bu ýyllarda saglyk ulgamynyň ösdürilmegi, ylym-bilim özgertmelerine badalga berilmegi, däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegi ýaly ençeme işleriň uly tapgyry amala aşyryldy. Ykdysady ösüşleriň gazanylmagy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Annagözel ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.