Baky bagtyň binýady

18 Awgust 2024
230

Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzyň baky bagtydyr, ýurdumyzyň ösüşleriniň berk binýadydyr. Eziz halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti şanly Garaşsyzlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyny aýdyň beýan edýär. Bu beýik işlere buýsanmak, Watanymyza guwanmak, şanly Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlamak indi asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň beýik maksatlarynyň durmuş ýüzünde amala aşmasydyr.

Türkmen halkynyň buýsanjy bolan Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam edýän mukaddeslikdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde öz ornuny berkidýär, ösüşiň we parahatçylygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz daşary syýasatda öz alyp barýan parahatçylyk söýüjilik ugruny anyk beýan edýär. Döwletimiziň parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş etmek ýaly belent ynsanperwer syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesinde öz beýanyny tapdy.

Amansoltan ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.