Demiňe derman bolýan adaja şemalyň, örküji deňiz şypasyna ýüklenip owsun atýan tolkunlaryň, bagtyýar adamlaryň şatlyk-şowhunynyň owazy Awazanyň jana tenekar kenaryna maýyl edýär. Bu gözellik Gahryman Arkadagymyzyň «Sportly Türkmenistan!» atly şygryndaky: «Ajaýyp Awaza nurana mekan//Hazar tolkunlary joşgunly mukam», «Sport! Türkmenistan! Gözel Awaza!», «Türkmenistan, Awaza — bagtyň mekany» diýen sözlerini aýdym edip dünýäňe doldurýar. Bu owazlar Awazanyň at-owazasyny jahana ýaýýar.
Syýahatçylyk senagatynyň bilermenleri dynç alýanlary, syýahatçylary, umuman, müşderileri özüňe çekmegiň, olaryň aňynda oňyn garaýyşlary döretmegiň, pudagy ösdürmegiň, hyzmatlary mahabatlandyrmagyň esasy şerti hökmünde brendinge aýratyn ähmiýet berýärler. Brending brendi döretmek, goldamak we bazarda ýaýbaňlandyrmak boýunça marketing amallarynyň bitewüligi bolup, ol syýahatçylyk zolagynyň özüne çekijiligini, bu ýere gelýän syýahatçylaryň sanyny-da artdyrýar. Diýmek, häzirki döwürde syýahatçylyk zolagyny ösdürmek onuň brendingi bilen baglanyşyklydyr.