Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa gyzyklanmalaryň barha artýandygy äşgär hakykat. Muny biz sebit döwletleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmaga, Aziýanyň ýüreginden Zeminiň çar künjegine ulag, energetika köprülerini çekmäge aýratyn ähmiýet berýän ýurtlaryň hatarynyň yzygiderli köpelýändiginiň mysalynda aýdyň görýäris. Asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşaýan bäş ýurduň Liderleri bolsa sebitiň ykbalyna dahylly meseleleri «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atlandyrylýan meýdançanyň çäginde çözmäge ymtylýarlar. 9-njy awgustda-da dostlukly döwletleriň Prezidentleri Astanada jemlenmek bilen, bilelikde oňyn netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny görkezip, köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Köne dostlar, täze teklipler