Merkezi Aziýa: bir maksat, bir ýol bilen

14 Awgust 2024
127

Merkezi Aziýa döwletleri! Olar geografiki ýerleşişi taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmek bilen, bu gün okgunly ösüşleriň, jebislikdäki gadamlaryň hem merkezine öwrülýär. Şeýle bolansoň, bütin dünýä döwletleri bu sebitiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga döwtalap. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary bolsa sebitdäki okgunly ösüşleriň täze ädimlerini kesgitleýän meýdança öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýakynda Gazagystan Respublikasynda geçirilen altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşy bilelikdäki ösüşiň aýdyň ýollaryny salgy berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, duşuşyklaryň şu formaty Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi. Ilkinji duşuşykdan bäri Merkezi Aziýa döwletleri bilelikdäki ädimleriň birnäçesini ädip, tutuş Ýer ýüzüne görelde boldular. Şol sebäpli Türkmenistan konsultatiw duşuşyklaryň ilkibaşdaky mazmunynyň we maksadynyň saklanyp galmagynyň tarapdary. Olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir.

Maral ÇARYÝEWA,
Çärjew etrabynyň döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.