Hak ýarandyr asyl ýoly yzlana

13 Awgust 2024
131

Adama asyl, aňry, teý-ýerlik zerurdyr. Pederlerini ýatlap, ene-atany sylamak, aýamak, sarpalamak, apalamak — nesillere parz. Şu gymmatlyklara ýürek goýýan oňalman, kemal tapman bilmez. Atalaryň pähiminden, eneleriň mährinden Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly asyllydan agramly, edermenden edepli, saýhallydan salyhatly, güýçlüden gaýratly, gujurlydan gudratly Ogullar döreýär. Il-gününe, Watana wepaly ol gerçekler dünýäniň bakylygyna, müdimiligine, synmazlygyna söýedirler, söýgetdirler. Ogul atasyna, aslyna meňzese ýagşy. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hakyky watançy ynsan Mälikguly Berdimuhamedowyň göreldesine, ýol-ýörelgesine eýerip, şu belent derejelere ýetdi.

Mälikguly aganyň ömür ýoly biziň ählimiz üçin hem nusgalyk göreldedir, eýýamlara ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban pederlerini, kyblagählerini hatyralap ýazan eserleri — “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarydyr “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Enä tagzym — mukaddeslige tazgym” atly kitaplarydyr «Atamyň» atly goşgusy hem şol nusgalyk mekdebiň, perzendiň öz pederlerine, ene-atasyna bolan beýik söýgüsiniň beýanydyr. Şol eserler ylhamyň gözi-gönezligi bolup, her birimize ruhy ganat berýär.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.