Egrigüzeriň oýunda (hekaýa)

12 Awgust 2024
140

Ogulsabyr ýeňňe adamsynyň soňky wagtda nirä ýörese uly ogluny ýanyndan galdyrman ýörmeginiň sebäbine şu gün düşünip galdy. Nurmyrat aga bu günler argyşa gitmäge taýýarlyk görýärdi.

Sanasaň ýaşaýjylary bäşden kän bolsa-da, güzeriň ilersinde hatar oturan syrgyna bäşöýlüler diýilýärdi. Üç-dört ýyllykda derýa daşyp, onuň uly şahalarynyň biri hanasyndan çykdy-da, golaý ýerleri suw basdy. Akym ugrunyň töwereginde ir döwürden bäri ýaşap oturan ilatyň uly bölegi seýrek bolýan şol tebigy hadysadan soňra giň obanyň çar tarapyna dagamak bilen boldy. Gün-güzerany ekin-dikin bilen bagly bolan ilat täze ýurtlaryny-da suwdan daşda tutup bilmediler. Gözbaşy derýanyň gaýraky şahalarynyň birinden gaýdýan güzer giň hanaly esasy akym ugry oýda ýerleşip, aýagy ekinzarlyklara baryp direýärdi. Ol ýerler oturymly obanyň gaýra çetlerine degişlidi. Ýaýraw oturan obanyň bu bölegine Egrigüzeriň oýy hem diýilýärdi.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA