Ylhamly dünýäniň bendiwany

12 Awgust 2024
133

Dag säherleriniň zynaty bolup şuglalanýan nurly Güni ençe gezek ak arzuwlary bilen garşylan ýigidiň kalbyndaky duýgudyr oýlary ony ýygy-ýygydan galama ýapyşmaga, köňlünde şinelän pikirlerini kagyza geçirmäge mejbur edýärdi. Çagalykdan saýlanyp, jahyllyga ýeten uçurlary Seýitgulynyň serine şygyrmy, kyssamy, garaz, dür dänesi deýin öz-özünden akyp gaýdýan pikirler gelip başlady. Ýigit özüniň ykbalynyň galama baglananyny duýdy, özem ýazmasa, kalbyny egismese, ýaşap bilmejekdigine anyk göz ýetirdi. Şonuň üçinem mährem käbesine, eziz kyblasyna žurnalist bolmak isleginiň bardygyny çekine-çekine mälim etdi. Ene-atasy ilkibada bu oslagsyz pikire erk beren ogullaryna näme diýjegini bilmän, kürtdürip duranam bolsalar, mydama elinden kagyzdyr galam düşmeýän jigerbendiniň hyýaly bilen bir hörpden gopup başladylar.

Şeýlelikde, 1960-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Hojagala obasynda dünýä inen Seýitguly Geldiýew 1978-nji ýylda obasyndaky 11-nji orta mekdebi tamamlap, şol ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetine okuwa girýär we 1981-nji ýylda okuwyny Moskwa şäherindäki M. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirýär. 1984-nji ýylda ady agzalan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, žurnalist hünärini ele alýar. Şondan bäri ýurdumyzyň milli teleradioýaýlymlarynda, gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynda dürli wezipelerde işleýär. Häzirki wagtda ol «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy. Yhlasly we döredijilikli zähmeti üçin ol 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 2013-nji ýylda bolsa oňa «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly at dakylýar. Işlän ýyllarynda tejribesini baýlaşdyryp, bu ugurdaky täzelikleri işde ulanmaga çalyşýar. Ol öz öňünde şeýle sowaly goýýar: «Biz türkmen žurnalistleri, döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän şertlerden peýdalanyp, özümize bildirilýän talaplary ödäp bilýärismi?». Onuň nygtaýşy ýaly, žurnalist adamyň aňy bilen iş salyşmaly bolýar: «Bu biziň hünärimiziň esasy aýratynlygy. Özi-de, bu kär gündelik waka bilen, durmuş bilen gönümel bagly. Munda hiç hili ýasamalyga, toslama pikire orun ýok. Ähli söz durmuş hakykaty bilen berk bagly bolmaly. Ine, şu özboluşlylyk hem žurnalistikany oňa örän ýakyn saýylýan ýazyjylyk hünärinden tapawutlandyrýar we žurnalisti öňünde goýlan wezipe bilen başa-baş göreşe çykarýar».

Altyn BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni.