TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA BARÝARYS

11 Awgust 2024
128

Merdana halkymyz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy-syýasy ähmiýetli möhüm wakanyň, il-ýurt bähbitli belent maksatly tutumyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen binýady berkidilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty berkarar döwletimiziň demokratik ýörelgeleriniň, syýasy-ynsanperwer garaýyşlarynyň hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyza esaslanýan halk häkimiýetliliginiň döwrebap we kämil nusgasydyr. Ol täze taryhy döwürde halk bilen döwletiň bir bitewüligini, jebisligini, milli döwletlilik ýörelgelerini alamatlandyrýar.

«Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr» – Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp sözlerinde ýurdumyzyň iri syýasy-jemgyýetçilik guramasynyň esasy ýörelgeleri we maksady özboluşly şöhlelenýär. Şeýle hem Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!»,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlarynda milli döwletlilik ýörelgämiz, halk demokratiýasy öz beýanyny tapýar. Şeýle-de bu ynsanperwer şygarlar ýurdumyzda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişinde, dürli ugurlar boýunça gazanylýan üstünliklerde, belent ösüşlerde çelgi bolup hyzmat edýär.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.