Ýaldyrak döwri

7 Awgust 2024
220

Türkmenleriň halk senenamasy boýunça ýurdumyzda awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlaýar. Uly köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar.

Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär, ýöne Üçýyldyz döwründäki ýaly yssy uzak dowam etmeýär. Bu döwür 40 güne çekip, ol öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär.

Ogulşat ŞABERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň laboranty.