«Turkish Airlines»: Miles and Smiles maksatnamasynyň giňeldilen mümkinçilikleri

31 Iýul 2024
189

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň «Miles and Smiles» wepalylyk maksatnamasy ýolagçylara uçuşlarynda milleri toplamaga we olary hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak we goşmaça hyzmatlary satyn almak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama gatnaşyjylar bonuslary diňe bir ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, paýlaşyp hem bilerler. Milleri status miline öwrüp, klubyň beýleki agzalaryna geçirip ýa-da «Miles and Smiles shop» dükanynda söwda etmek üçin ulanyp bolýar.