Bereket — zähmetiň netijesi

30 Iýul 2024
510

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine görä, bol hasyl eçilýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň bu pähimi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has-da dabaralandy. Döwlet tarapyndan daýhanlara goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, olaryň tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini artdyryp, galla oragynda zähmet ýeňşini gazanmaga ýardam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň berýän goldawyndan, zähmet çekmek, ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin döredýän amatly şertlerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 50 müň gektar meýdandan ak bugdaýyň bereketli hasylyny alyp, göz öňünde tutulan meýilnamany 101,7 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Häzirki günlerde bugdaýdan boşan meýdanlarda täze ýylyň hasyly üçin sürüm işleri ýerine ýetirilýär.

Serdar SUWHANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri.