Baglary bol miweli

30 Iýul 2024
531

Boldumsaz etrabynyň «Almalyk» daýhan birleşiginiň bagbanlary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky öňde goýýan wezipelerine jogap edip, bagçylygy ösdürmekde gaýratly zähmet çekýärler.

Daýhan birleşiginde kärendeçileriň onlarçasy bag idetmek bilen meşgullanýar. Olaryň şu günler aladasy has-da artdy. Miweli baglar aýratyn yhlasy, idegi talap edýär. Şeýle bolansoň, bagbanlar her bir çäräni wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Daýhan birleşiginde tejribeli bagbanlar barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri hem Amangeldi Soltyýewdir. Ol indi 26 ýyldan bäri kärendesine alan bir gektar miweli baga ideg edip, her ýylda armydyň, erigiň, almanyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Gurbangül BAÝRAMKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni.