Arzyly sepgide yhlas bilen ýetildi

17 Iýul 2024
575

Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ösüşleriň belent menzillerine tarap ynamly öňe barýar. Janypkeş daýhanlaryň yhlasly zähmetine, kämil tehnikalaryň kuwwatly güýjüne daýanylyp, bu pudakda ýylsaýyn ýokary üstünlikler gazanylýar. Janypkeş babadaýhanlar ene ýerden gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almagy başarýarlar. Welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyny hem netijeli jemlediler. Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky görkezen netijeleri hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Ilkinjileriň hatarynda şeýle zähmet ýeňşini gazanmagyň syrlary hakynda daýhan birleşiginiň başlygy Serdar Hudaýberdiýew bilen söhbetdeş bolduk:

— Serdar, söhbedimizi türkmeniň akyldar şahyrynyň adyny göterýän daýhan birleşigiňiziň bugdaý hasylyny ýetişdirmekde şu ýylky gazanan sepgitlerinden başlaýaly.

Söhbetdeş bolan Ata NYÝAZOW.