«Awaza» şypahanasy

11 Iýul 2024
317

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň keşbini göreniňde göwnüň göterilýär. Awazanyň çäginde sagaldyş toplumlarynyň, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklarynyň, köpugurly sport toplumlarynyň, şeýle-de Awazanyň görküne görk goşýan «Awaza» şypahanasynyň peýda bolmagy bilen, eziz Diýarymyzyň raýatlaryna dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge uly mümkinçilikler döredi.

«Awaza» şypahanasynda raýatlary gije-gündizleýin tertipde kabul edýärler. Şypahana diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň arasynda däl, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şypahana dynç alyş ulgamy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki zaman şertlerinde ilat üçin bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň giňden elýeterliliginiň üpjün edilmegine, syýahatçylygyň bejeriş-sagaldyş görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Bahar NURSÄHEDOWA,
Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapewt lukmany.