Artykmaç agram nädip döreýär?

11 Iýul 2024
536

Semizlik, adatça, maddalaryň alyş-çalşygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, muňa bedeniň dogabitdi aýratynlyklary (nesil yzarlama), aşa köp iýmek we az hereket etmek endikleri sebäp bolýar.

Bedeniň artykmaç agram almagynyň ýene bir sebäbi uky kadasynyň bozulmagydyr. Näçe geňem bolsa, ukynyň bozulmagy hem adamyň semremegine getirip bilýär. Ýaglaryň ýakylmagyna we dokluk duýgusynyň döremegine sebäp bolýan käbir gormonlar, meselem, leptin bedende gije işlenip çykarylýar.

Taýýarlan Şemşat ÖWEZOWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrap hassahanasynyň maşgala lukmany.