Magnit hadysasy we saglyk

11 Iýul 2024
275

Tebigatda pasyllaryň alamatlary birbada ýüze çykman, dura-bara peýda bolýar. Munuň özi adam saglygyna hem uly täsir edýär. Mundan başga-da, Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda, Gün alawy emele gelip, Ýeriň daş-töweregini gurşap, täsirli magnit hadysasyny döredýär. Bu bolsa adamlara we olaryň saglygyna täsir edýär.

Ýeriň magnit meýdanynyň işjeňlik ýagdaýynyň ýokarlanmagy netijesinde emele gelýän, adamlaryň özlerini duýşuna we saglygyna ýaramaz täsir edýän magnit hadysasy, şeýle ýagdaýlaryň täsirini azaltmagyň usullary barada ilat arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegi, aýratyn-da, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara magnit hadysasynyň saglyga ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça işleriň anyk düşündirilmegi wajypdyr.

Nurjemal ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.