«Görk - agyzdan...»

10 Iýul 2024
255

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän önümlerimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri we miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli we däneli önümleri, hozlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we hozlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny azaltmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.