Bagtyýarlygyň berk binýady

10 Iýul 2024
268

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjiligi bilen işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş hyzmatlaryny guramakda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bu günki gün bütin dünýäde ykrar edilýär. Gazanylýan bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miwesidir.

urdumyzda ynsan saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen ýörite meýilnama kabul edildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýyllaryň dowamynda öz miwesini hem berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýok edilendigini, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygyny, nahar duzunyň ýodlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar döwletimize gowşuryldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Serdar ÝUSUPOW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň baş lukmany.