Dertden gorar üzärlik

10 Iýul 2024
273

Ene-mamalarymyz üzärligiň ýüz derdiň dermanydygyny aýdýarlar. Üzärlik gurakçylyga diýseň çydamly bolup, ol köpýyllyk ösümlikdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bu ösümligiň kesel bejerijilik, rahatlandyryjy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin beýan edýär. Üzärligiň ýapragy, miwesi derman hökmünde meşhurdyr. Onuň tüssesi mörjewlerden goraýjylyk, rahatlandyryjy, kesel bejerijilik häsiýetleriniň 50-den gowragyna eýedir. Şeýle-de üzärligiň tüssesi çybyn-çirkeýleri kowmakda hem örän ähmiýetlidir. Bu bolsa, esasan hem, tomus aýlarynda haýyrlydyr.

Tejribeli tebipdir lukmanlar üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş keselini, böwregagyryny, dişagyryny, gözagyryny, aşgazan, içege, öthalta bilen bagly keselleri bejerýärler. Guradylan üzärligiň 100 gramyny 10 litr suwda 15 — 20 minut gaýnadyp, hasadan süzüp, 40 gradus ýylylykdaky suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guragyra peýdasy bardyr. Alymlaryň barlagynyň netijesine görä, üzärligiň 10 göterimli gaýnatmasy bedendäki zyýanly mörjewleri ýok edýär.

Niýazsoltan SYDDYKOWA,
Dänew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.