Üzümden ýokum alyň!

10 Iýul 2024
255

Ajaýyp tomus pasly ýokumly miweleriň bişýän döwrüdigi bilen tapawutlanýar. Şol ýokumly miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm adam bedenine örän ýokumly bolmak bilen, onuň saglygy berkitmekde-de peýdasy uludyr.

Üzümiň miwesiniň dermanlyk häsiýeti gadymdan bäri mälimdir. Ol düzüminde A, B, C, E, PP ýokumlaryny we kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý maddalaryny, şeýle-de glýukoza, saharoza, fruktoza saklaýar. Şol sebäpden üzüm adam saglygynyň we kuwwatynyň gözbaşy hasaplanylýar. Üzüm, esasan hem, gartaşan adamlara we çagalara has-da peýdalydyr.

Täzegül BABAŞEWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.