Gan toparlary barada

10 Iýul 2024
340

Gan we onuň kadaly aýlanyşygy ynsan bedeninde esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Ol I, II, III, IV toparlara bölünýär. Gan toparlaryny ilkinji gezek awstraliýaly alym Karl Landşteýner açýar we Nobeliň baýragyna mynasyp bolýar. Alymyň bu açyşy biriniň ganyny mätäç kişä guýmak bilen müňlerçe näsagy ölümden halas etmäge mümkinçilik berdi.

Gan toparlarynda I topara degişli gany islendik gan toparly näsaga goýberip bolýar, ýöne şol gan toparynyň eýesine welin, diňe kysymdaşy tarapyndan goýberilýär. II we III gan toparlarynda birmeňzeş toparlar ulanylýar. IV toparlylara bolsa ählisi gabat gelýär.

Dursenem JANBAÝEWA,
welaýat Gan bankynyň lukmany, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.