Woleýbolda erjeller ýeňdi

2 gün öň
67

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde woleýbol boýunça mekdebiň birinjiligi geçirildi. Etrabyň sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşyň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny peýdaly geçirmegini, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy.

2008-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda geçen ýaryş gyzykly boldy. Ýaryşda tälimçi Yslamberdi Toýlyýewiň şägirtleri — “Galkynyş” topary üstün çykdy. Onda ikinji orny tälimçi Rejepdurdy Şyhymowdan tälim alýan “Berkarar” topary, üçünji orny Söýenç Gulgeldiýewiň tälim berýän “Arkaç” topary eýelemegi başardy. Ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.