Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly-2024” halkara awtorallisine gatnaşarlar

1 Iýul 2024
31

Türkmenistanyň wekilleri “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisine gatnaşarlar. Şeýle hem bu ýaryşa Russiýanyň, Belorussiýanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň wekilleri gatnaşar. Ýaryş bäş ulag görnüşinde geçiriler. Jemi 67 ulag serişdesi hasaba alyndy.

Şu ýyl ralli 5-15-nji iýulda Russiýanyň we Mongoliýanyň çägi boýunça geçer we Tomsk şäherinde badalga alyp Ulan-Batorda tamamlanar. “Ýüpek ýoly” ralliniň ugry 5257 kilometre, ýörite bölekleriň uzynlygy bolsa 2993 kilometre deňdir.