Halkara we milli sport baýramçylyklary

28 Iýun 2024
42

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Birleşen Milletler Guramasy Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň teklip etmegi boýunça her ýylyň 25-nji maýyny Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi. Şundan ugur alyp, biz žurnalymyzyň şu sanynda dünýäde halkara derejesinde bellenilýän sport baýramçylyklary, şol sanda aýry-aýry ýurtlarda bellenilip geçilýän milli sport baýramçylyklary barada maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.