Toparçalardaky duşuşyklar tamamlandy, mundan soň utulan çykar

28 Iýun 2024
57

Ger­ma­ni­ýa­da do­wam ed­ýän 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar ta­mam­lan­dy. To­par­ça­lar­da 81 gol ge­çi­ri­lip (or­ta­ça 2,25 gol), äh­li to­par­lar azyn­dan 1 utuk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Äh­li to­par­lar gol ge­çi­rip, Ger­ma­ni­ýa iň köp gol ge­çi­ren to­par bol­dy. Is­pa­ni­ýa ýe­ke gol hem ge­çirt­me­di. Ne­ti­je­de, 24 ýy­gyn­dy­nyň 16-sy ýa­ry­şy do­wam edip, ga­lan 8-si öý­le­ri­ne do­lan­ma­ly bol­dy. Hor­wa­ti­ýa­dyr Ser­bi­ýa­nyň, Çe­hi­ýa­nyň, hat­da Uk­rai­na­nyň ýy­gyn­dy­la­ry ýa­ly bu ýa­ry­şa ozal en­çe­me ge­zeK gat­na­şan to­par­la­r ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bil­me­di. Ola­ryň or­nu­na Slo­wa­ki­ýa­dyr Slo­we­ni­ýa­nyň hem-de il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan Gru­zi­ýa­nyň 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Aý­ra­ty­nam hor­wat­la­ryň gy­nanç­ly ýag­daý­da, soň­ky mi­nut­da ge­çir­den go­ly esa­syn­da 1/8 fi­na­lyň pe­te­gi­ni el­den gi­der­me­gi ola­ryň jan­kö­ýer­le­ri üçin uly ur­gy bol­dy.

«A» to­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­la­ryň soň­ky pur­sat­la­ry yk­bal kes­git­le­ý­ji bol­dy. Ýer eýe­le­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ara­syn­da­ky oý­nuň ahyr­ky mi­nut­la­ryn­da Füllk­ru­gyň go­ly esa­syn­da ne­mes­ler ýeň­liş­den ha­las bo­lup, to­par­ça­da 1-nji or­ny eýe­le­di. Wen­ger­ler bol­sa Ço­bo­tyň 90+10-njy mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da şot­land­la­ry 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu ýe­ňiş ola­ryň 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şot­land­la­ra 4-nji ge­zek gat­na­şan Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da-da to­par­ça­dan çyk­mak ba­şart­ma­dy. Şot­lan­di­ýa­ soň­ky ge­zek 1998-nji ýyl­da gat­na­şan Dün­ýä Ku­bo­gyn­da-da 8 sa­par, je­mi 2 uly ýa­ryş­da 12-nji ge­zek to­par­ça­dan çy­kyp bil­me­di.