Çä­gä­niň we de­ňiz su­wu­nyň sag­ly­ga peý­da­sy

28 Iýun 2024
51

De­ňiz ke­na­ry­nyň we de­ňiz su­wu­nyň be­je­ri­ji­lik hä­si­ýe­ti ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri köp­çü­li­ge bel­li­dir. Ýy­lyň äh­li möw­sü­min­de, esa­san hem, to­mus pas­lyn­da de­ňiz ke­nar­la­ry köp adam­ly bol­ýar. De­ňiz ke­na­ryn­da ýö­re­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak we dynç al­mak, şeý­le hem su­wa düş­mek sag­lyk üçin el­ýet­mez be­jer­gi­ler ha­sap­lan­ýar. Tol­kun­la­ryň se­si­ne diň sal­mak, çüý­şe ýa­ly göm-gök gö­zel­li­gi syn­la­mak we deň­ziň ho­wa­syn­dan dem al­mak ada­ma gaý­ta­lan­ma­jak lez­zet ber­ýär.

De­ňiz su­wu­nyň peý­da­ly­dy­gy­ny hem­me­ler bil­ýär. Kos­me­ti­ka we der­man se­na­ga­tyn­da de­ňiz su­wy iş­jeň peý­da­la­nyl­ýar. De­ňiz su­wun­da­ky peý­da­ly mi­ne­ral­lar we mag­niý de­ri­niň ju­wan gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.