Ýy­lyň sport mo­da­sy

28 Iýun 2024
53

Soň­ky ýyl­lar­da adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga uly üns be­rip, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýär­. Öý­de, açyk ho­wa­da, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ryn­da, sport zal­la­ryn­da, umu­man is­len­dik ýer­de sport bi­len meş­gul­lan­mak özü­ňi fi­zi­ki we ru­hy taý­dan has gu­jur­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dün­ýä­de her möw­süm sport bi­len tür­gen­leş­me­giň tä­ze mo­da­sy dö­re­dil­ýär. Mo­da tür­gen­le­şik gör­nüş­le­ri­ni we usul­la­ry özün­de jem­le­ýän he­re­ket­ler­den dü­zül­ýär. Bu ýyl sport tür­gen­le­şik­le­rin­de nä­me mo­da? Ge­liň, fit­nes tä­lim­çi­le­ri­niň hö­dür­le­ýän tä­ze tür­gen­le­şik usul­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Sport en­jam­la­ry­nyň we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­ri­dir usul­la­ry­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýy­lyň-ýy­ly­na ýe­ne-de tä­ze usul­lar ýü­ze çyk­ýar. Hat­da ol usul­lar ýy­lyň sport mo­da­sy­na öw­rül­ýär. Şu ýyl di­war pi­la­tes­le­ri (he­re­ket ul­ga­my­nyň, dem al­ma­gyň we de­ňag­ram­ly­ly­gyň ut­gaş­ma­sy) ýy­lyň sport mo­da­sy bo­lup, biz mu­ny «di­war maşk­la­ry» di­ýip hem alyp bi­le­ris. Bu maşk­lar sport en­jam­la­ry ula­nyl­maz­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, esa­san, di­war­dan peý­da­la­nyl­ýar. Be­de­niň çy­dam­ly­ly­gy­ny güýç­len­dir­ýän di­war maşk­la­ry öý­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar.