Biri gyzyl, biri sary, biri ak...

27 Iýun 2024
36

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Sözbaşa gözi düşen okyjy, megerem, alabahar asmanynyň deňsiz-taýsyz bezegi bolan ynsan kalbyny joşa getirýän, adamlaryň göwünlerini al-asmana göterýän al-ýaşyl reňkli älemgoşaryň gözelliginiň waspyny etjekdigimize garaşýandyr. Ýöne ol ýalňyşýar... Biz ýap-ýaşyl öwüsýän futbol meýdançasynda deňsiz-taýsyz duşuşygyň gidişini büdredýän, futbolçylaryň hem-de bu jadyly oýnuň muşdaklarynyň keýpini gaçyrýan, eminleriň kisesindäki, älemgoşaryň ähli reňklerini bolmasa-da, köpüsini özünde saklaýan duýduryş petekleri hakynda gürrüň etmekçi bolýarys.

Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy.