MILLI DÄPLER DÖWREBAP RÖWÜŞDE

18 Iýun 2024
362

Gurban baýramynyň dabaralary Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde we sebitiň beýleki metjitlerinde baýram namazyny okamakdan başlandy. Soňra toý dabaralary “Türkmeniň ak öýi” binasynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Binanyň gapdalyndaky toý meýdançasynda ak öýler dikilip, hakyky küren obanyň keşbi döredildi.

Bu ýerde ýörite ýasalan agyllarda ululy-kiçili mallaryň saklanyp, çarwa durmuşynyň beýan edilmegi, ýaş oglan-gyzlaryň hatara dikilen bezemen hiňňildiklerde uçup, göwün açmagy toýçy mähelläniň ruhuny göterdi. Ak öýleriň töweregindäki haşamlanan agaç sekilerde bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary has-da belentden ýaňlandy. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň gadymy nusgalary, şeýle-de häzirki zaman görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň çapraz-çaňňalarynyň şelpelerinden, saçbagynyň düwmelerinden çykýan owazlar bagşylaryň ýerine ýetirýän hoş owazlaryna ulaşyp gitdi. Bu ýere gelenler zergärleriň, senetçileriň döreden sungat eserlerinden, gadymy muzeý gymmatlyklaryny synlamakdan lezzet aldylar. Ýaşulular düzzüm, keçe-keçe ýaly milli oýunlarymyza gatnaşsalar, çagalar aşyk oýnap, “Aýterek-günterek” oýnuna gümra boldular. Bir tarapda gollary berdaşly pälwanlar bil tutuşsalar, çeýeden çakgan ýigitler ýaglyga towusdylar. On barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň haly dokaýan, keşde çekip, keçe gülleýän, türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirýän pursatlary baýramçylyk dabarasynyň şüweleňini artdyrdy. Gurban baýramyna gatnaşýan il sylagly ýaşulularymyz, eli tagamly aşpezlerimiz toýçy mähelläni milli tagamlar bilen hezzetlediler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Myrat BAÝRAMOW, Andreý PAKULOW, Şamyrat AMADOW.