Döwrebap awtobuslar halkyň hyzmatynda

17 Iýun 2024
401

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde welaýatymyzyň ýaşaýjylary şatlykly wakalaryň şaýatlary boldular. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy şeýle mizemez durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döwrebap awtobuslaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki  awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi.

Täze ulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli geçirilen dabarada milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Onda il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri çykyş edip, halk hakynda edýän uly aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Muhammetgylyç Tagangylyjow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».