Geliň, welosiped süreliň!

15 Iýun 2024
369

Bütindünýä welosiped güni. Ol siz ýaly oglanjyk ýa gyzjagaz bolsa, şu ýyl mekdebe barardy. Çünki edil sentýabrda ilkinji gezek ak mekdebe salam berjek jigilerimiz ýaly, Bütindünýä welosiped güni hem şu ýyl alty ýaşyny doldurdy. Alty ýaşlyjalarymyz alty gezek doglan gününi bellän bolsalar, hut şu aýda — 3-nji iýunda biz hem bütin Ýer ýüzi bilen bilelikde bu şanly senäniň doglan gününi altynjy gezek belledik. Özem diýseň gyzykly baýram boldy.

Köpiňiz bilýänsiňiz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmeginde biziň döwletimiziň iňňän uly paýy bar. Çünki şu şanly sene bilen bagly hödürnamany BMG-niň Baş Assambleýasyna, hut Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biziň döwletimiz — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan teklip edipdi. 2018-nji ýylyň aprel aýynda bolsa dünýäniň iň abraýly guramasy bu teklibi goldap, her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar etdi. Ine, şol ýyldan bäri hem biz dünýä döwletleri bilen bilelikde bu şanly senäni belläp gelýäris.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.