Türkmen tennisi ösüş ýolunda

15 Iýun 2024
188

Tennis — sportuň örän gyzykly we saglyk üçin peýdaly görnüşi. Şol sebäpden-de, bütin dünýäde tennis bilen meşgullanýan türgenleriň hem-de sportuň bu görnüşine gyzyklanma bildirýän janköýerleriň sany barha artýar. Tennis diňe bir ulularyň däl-de, çagalaryň arasynda hem meşhurdyr. Türkmenistanda-da tennis bilen meşgullanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ýylsaýyn köpelýändigi begendirýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat şäherinde çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi hem-de Aziýa tennis federasiýasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy ýaş türgenler we tennis muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka boldy.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen gurlan Tennis toplumy Merkezi Aziýa sebitinde sportuň bu görnüşi boýunça iň uly toplumdyr. Iri sport desgasynda giň gerimli sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek hem-de türgenleri ýaryşlara taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde birbada 4 müň tomaşaçy tennis ýaryşlaryna tomaşa edip bilýär. Soňky ýyllarda Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda ýaryşlar yzygiderli geçirilip başlandy. Bir ýyl mundan ozal, ýagny 2023-nji ýylyň iýun aýynda bu ýerde 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy ýokary derejede geçirildi. Şol ýaryşda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň hem-de Täjigistanyň ýaş türgenlerinden düzülen toparlary özara güýç synanyşdylar. Halkara ýaryşda ýaş türgenlerimiziň şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Ahmet GELDIÝEW.