Ýaşyl dünýäniň güni

15 Iýun 2024
142

Gadyrly çagalar, her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem oňa agza ýurtlarda, guramalarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar.

Hawa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigaty aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Gülnara ÇARYÝAROWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.