Mergenlerimizden üç medal

15 Iýun 2024
189

Ýakynda Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysynyň wekilleri Minsk şäherinde Belarus Respublikasynyň Açyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Milli ýygyndymyzyň gaznasyna goşulan medallaryň biri kümüş, ikisi bürünçdir. Halkara ýaryşa 9 türgen bilen gatnaşan ýygyndymyzdan paýtagtymyzdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Ezizmuhammet Sähedowyň iki medal gazanandygy aýratyn bellärliklidir. Şahsy ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan Ezizmuhammet toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bähbit Gurbanow we içeri işler edaralarynyň işgäri Şöhrat Jumagulyýew bilen bilelikde bürünç medalyň eýesi boldy.

Dürli döwletlerden Minsk şäherine ýygnanan sport wekilleriniň arasynda türkmenistanly ýaş mergenleriň ukybynyň uly seslenme döredendigini aýtmak gerek. Ýedi ýaşyndan sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi bilen meşgullanyp gelýän Ezizmuhammet 2017-nji ýyldan bäri Türkiýede we Gazagystanda guralan ýaryşlaryň birnäçesinden baýrakly orunlar bilen dolanýar. Şu günler ol «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlaryndaky ýeňlişini ýerine salmak üçin türgenleşýär. Geçen ýyl bu ýaryşda hormat münberine ýekeje basgançak ýetip bilmedik Ezizmuhammediň 25-nji iýundan 7-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Ýakutystan Respublikasynda geçiriljek oýunlarda esasy maksady — öňdäki üç ornuň birini eýelemek.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».