Welaýatymyzyň iň zehinli şaşkaçylary kesgitlenildi

14 Iýun 2024
193

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde 100 öýjükli şaşka boýunça 10, 14 we 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we etraplarymyzdan ýetginjek türgenleriň onlarçasy gatnaşdy.

Her bir duşuşygy çekeleşikli geçen ýaryşda 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda türkmenabatly türgen Rahman Karýagdyýewe taý tapylmady. Welaýat merkezindäki 38-nji orta mekdebiň ikinji synpyny tamamlan Rahmanyň şaşka bilen meşgullanyp başlanyna ýaňy iki ýyl geçdi. Sport ussady Mahym Mätiýewanyň zehinli şägirdi kämillik ýollaryny çalt geçýändigini subut edip, sporta gadam goýmagynyň eýýäm ikinji ýylynda welaýatymyzyň çempiony bolmagy başardy.