Sport

14 Iýun 2024
172

Welaýatyň birinjiligi  ugrundaky ýaryşlar

Golaýda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda  2008 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Daşoguz şäheriniň 6-njy sport mekdebinde geçen ýaryşa welaýatymyzyň woleýbolçy oglan-gyzlar toparlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Gyzlaryň arasynda örän çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň topary  birinji, Akdepe etrabynyň topary ikinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Şonuň ýaly-da, woleýbolçy oglanlaryň arasynda birinji orna Daşoguz şäheriniň 6-njy sport mekdebi,  ikinji orna Akdepe etrabynyň toparlary mynasyp boldular. Görogly etrabynyň woleýbolçy oglanlar topary bolsa üçünji ýere mynasyp boldy.